Biz barada

Türkmenistanyň Dokma Senagat Ministrliginiň "Medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabrigi" 2007-nji ýylda önümçilige başlan gününden bäri, innowasion tilsimatlar arkaly ýokary hilli önümler öndürip, alyjylarynyň ýokary bahasyna eýe bolup gelýär.

Fabrigiň ýyllyk kuwwatlygy 4200 tonna medisina pamygyny we 12,4 mln. sany kosmetiki pamyk önümlerini (gulak arassalanýan taýajyklar, pamyk diskleri we makiýažy aýyrýan tamponlar we ş.m.) öndürmek üçin niýetlenen.

Öndürilen önümleriň hili ýewropanyň iň takyk labaratoriýa enjamlary arkaly barlanyp hil kepilligi barlagyndan geçeninden soňra, ýörite sowadyş we howalandyryş ammarynda saklanylýar.

Fabrik her ýylda ortaça 7,5 mln. amerikan dollaryna barabar bolan önümi içerki we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine hödürleýär.

Fabrikanyň önümleri häzirki ýagdaýda Ukraina, Ermenistana, Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe Respublikasyna, Belarussiýa eksport edilýär.

Kärhanada 131 hünärmen zähmet çekýär.