Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler

07 Mart, 2017 ý.

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaçа ekişine girişdiler. 
Asyly däbe görä, ekiş möwsümine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Demirgazyk welaýatda gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýer bölünip berildi. Pagtaçylar şunça möçberdäki meýdandan “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. 

Ekiş möwsümi mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we ýurdumyzyň obasenagat toplumlarynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergisi guraldy. 

Welaýatyň aýdym-saz, tans hem-de folklor toparlary pagtaçylar üçin aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. 

Material «tdh.gov.tm» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.