Türkmen gowaçasynyň inçe süýümli görnüşlerini oýlap tapan akademik

23 Fewral, 2017 ý.

Türkmenistanyň şertlerinde adatça gowaçanyň orta süýümli sortly ýetişdirilýär, häzirki wagtda hem olar şu ekin meýdanynyň 90 göterimini tutýar. Oazise golaý ýerlerde inçe süýümli gowaça ekmek boýunça ilkinji synaglar ýüz ýyla golaý mundan ozal geçirilip başlandy. Ilkibada tejribe meýdançalarynda kiçeňräk tejribeler geçirilýärdi, geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap bolsa, maksada gýnükdirilen seçgiçilik-tohumçylyk işleri geçirilýär. Ylmy barlaglar häzirki wagtda agrosenagat kärhanalarynyň giň ulgamy bolan pagtaçylyk we tohumçylyk hojalyklary, pagta arassalaýjy, pagta egriji we dokma zawodlarydyr fabrikleri, ýag öndürýän önümçilikler ýaly agrosenagat toplumynyň möhüm pudagynyň ösmegine uly itergi berdi. 

Pagtaçylygy, şol sanda inçe sýümli pagtaçylygy ösdürmäge uly goşant goşan alymaryň arasynda biologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Iwan Kirillowiç Maksimenko hem bar, ol inçe süýümli pagtanyň gymmatly sortlarynyň, şeýle hem asly tebigy sarymtyl reňkli synag pagtanyň medeniýetleşdirilen görnüşleriniň awtorydyr. 

23-nji fewralda bu alymyň doglan gününiň110 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda pagtaçylygy ösdürmegiň taryhyna we möhüm meselelerine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi. Seçgiçileriň duşuşygy Ýöleten şäherindäki pagtaçylyk ylmy merkezinde boldy, tanymal alym bir wagtlar bu ýerde işläpdi. Bu ýerde, Türkmenistanyň günorta-gündogarynda şu ekini ýetişdirmek boýunça ýurdumyzda iň köne ylmy binýat hereket edýär: daş-töwerekde ekin meýdanlary ýaýylyp ýatyr, pagta kabul ediji nokat hem bar, indi ýüz ýyldan bäri pagta arassalaýjy zawod işläp gelýär. Häzirki wagtda I. Maksimenkonyň işini Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň düzümindäki gowaçanyň agrotehnikasy, seçgiçilik we tohumçylyk bölümleriniň ýaş hünärmenleri dowam edýärler. 

Alymlar seçgiçilik usullaryny, gowaçanyň nesil geçýän häsiýetlerini saklap galmak meselesini, zyýan beriji mör-möjeklere garşy durnuklylyk, çaknyşdyrma we duýdansyz üýtgeme häsiýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sort synaglaryna, genetikanyň we biohimiýanyň tohum gaznasyny saklap galmaga, täze sortlary, olaryň garyşgyny we görnüşlerini almaga gönükdirilen beýleki meselelerine uly üns berildi. Alymlar we aspirantlar çykyş etdiler, häzirki gazanylan üstünlikler we alnyp barylýan ylmy barlaglar ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki işleriň meýilnamasy bellenildi. 

-Ýöletendäki synag meýdançalarynda seçgiçiler ýylsaýyn gowy netijeler gazandylar,-diýip Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň direktorynyň orunbasary, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Döwletmyrat Berdimyradow gürrüň berýär.-I.K.Maksimenko 1939-1976-njy ýyllar aralygynda inçe süýümli pagtanyň ýokary hasylly, süýmüniň ýokary hili bilen tapawutlanan «5476-I», «8763-I», «9078-I» sortlaryny döretdi we önümçilige ornaşdyrdy. Alymyň D. Babaýew, A. Hudaýgulyýew, W.P. Semençenko ýaly şägiertleri onuň ýoluny dowam etdiler. Meselem, biologiýa ylymlarynyň kandidaty D. Babaýewiň döreden«Аş-25» inçe süýümli sorty 1984-nji ýylda 242,5 müň, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty W.P. Semençenkonyň döreden «9871-I» sorty 1990-njy ýylda 137,2 meýdana ekilipdi. Süýüminiň ýokary hili we has amatly bahadan satyn alynanlygy üçin bu sortlar Özbegistana we Täjigistana hem giňden ýaýrapdy. 

Oba hojalyk ylymlarynyň doktory A. Hudaýgulyýewiň döreden we 1989-njy ýylda önümçilige ornaşdyrylan orta süýümli «Аş-36» sorty häli-häzirem Ahal we Lebap welaýatlarynyň ekin meýdanlarynyň aglaba ýerinde ekilýär. Ol ýokary hasyllylygy, çalt ýetişýänligi we süýmüniň hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. W.P. Semençenkonyň döreden „Ýolöten-7“ orta süýümli sorty has meşhurdyr, ol gowaça meýdanlarynyň 45% eýeleýär. Onda ýokary hasyllylyk häsiýetleri ir ýetişýänligi we gowy hili bilen utgaşýar. Onsoňam, ol toprak-howa şertlerine çydamlydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň seçgiçlleriniň çykaran orta süýümli sortlarynyň ekin meýdany artýar. Olardan „Ýolöten-39“ sorty her gektardan 50-55 sentner hasyl berýär. „Ýolöten-14“ inçe süýümli pagta hem ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Onuň genotipinde köp ýyllyk gowaçanyň nesil maglumatlary bolup, ol tiz ýetişme, bol hasyllylyk, ýer-howa şertlerine we kesellere garşy durnuklylyk, şeýle hem ýokary süýüm berijiligi ýaly agrohojalyk häsiýetlerini özünde jemleýär. Häzirki wagtda inçe süýümli pagta berlen meýdanlaryň ählisinde gowaçanyň şu sorty ekilýär. „Ýolöten-39“ we „Ýolöten-14“ sortlaryny oba hojalyk ylymlarynyň doktory R. Ýa. Meredow oýlap tapdy. 

Ýaş alymlar öňki ajaýyp seçgiçileriň nazarýet we amaly mirasyny dowam edip, çaknyşdyrmanyň dürli usullaryndan peýdalanýarlar. Gowaçanyň ýokary hasylly we ýokary hilli sortlarynyň döredilip,önümçilige ornaşdyrylmagy pudagyň çalt depginlerde ösmegine hem-de ýokary girdejili bolmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň pagtaçylyk ylmy merkezi ýokary seçgi görkezijileri üçin «ОМАС» („Gaýry ýollar“ Dolandyryş we maslahat beriş assosiasiasynyň) we BID (Business Initiative Directions) halkara we Ýewropa bilermenler toparlarynyň altyn hem-de platina sylaglaryna mynasyp boldy.